1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda Eýran Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar etdi we diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Döwletler biri-biri bilen Hazar deňzi we 1000 kilometrden gowrak gury ýer arkaly serhetleşýär. Türkmenistan eýýäm 29 ýyl bäri Eýran bilen söwda, medeni we ynsanperwer ugurly gatnaşyklary hoşniýetlilik bilen saklap gelýär.
Türkmenistanyň Tähran şäherinde ilçihanasy, Maşatda bolsa konsullyk edarasy işleýär. Edil şonuň ýaly Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäherinde, konsullyk edarasy Maryda ýerleşýär.