Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji gezek fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler

11:5218.02.2021
0
19853

Şu ýyl Halkara Frankofoniýa gününiň bellenilmegi mynasybetli Türkmenistandaky Fransuz instituty ilkinji gezek fransuz dili boýunça olimpiadany geçirer. Bu barada institutyň metbugat beýanynda habar berildi.

Bäsleşige mekdeplerde we Fransuz institutynda fransuz dilini öwrenýän çagalar we ýetginjekler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşikler mart aýynyň ahyryndan aprel aýynyň başyna çenli 3 tapgyrda geçiriler. Bbu gezekki bäsleşikleriň mowzugy: «Howanyň demi».

22-nji fewral, duşenbe güni sagat 18:30-da Fransuz institutynda bäsleşigiň jikme-jik tanyşdyrylyşy we düzgünleri gurnalar, oňa bäsleşige höwes bildirenleriň her biri gatnaşyp bilerler.

Her ýylyň mart aýynda dünýäniň bäş yklymyndan fransuz dilinde gürleýänler Halkara Frankofoniýa gününi belleýärler. Bu şanly sene fransuz diline bolan söýgiňizi aýan etmek, şeýle hem medeniýetleriň dürlüligini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • 36 83 70;
  • 36 83 71;
  • 36 83 72.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň