«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen birlikde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen, hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň agzalary, institutyň 1-nji ýyl talyplary Allanur Baýramdurdyýew bilen Ilýasbek Täjibaýew şu salgynyň üsti bilen paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähine wirtual syýahat etmek boýunça taslamany taýýarlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ol «Krpano» programmasynda döredilipdir. «Ylham» seýilgähiniň çägi 3 bölege bölünip, olaryň hersinde dürli döwürlerde ýaşap geçen türkmen şahsyýetleri hakynda maglumat berilýär.
Seýilgählerde wirtual gezelenç etmek giňden ýaýran tejribe bolup, gije-gündiziň dowamynda islendik wagtda internete birigip, dünýäniň çar künjeginden syýahat edip bolýar. Häzirki wagtda seýilgähiň gyş paslyndaky keşbini synlap bolýan bolsa, geljekde beýleki pasyllardaky gözelligini hem görkezmek meýilleşdirilýär.