Soňky habarlar

Arhiw

Singapurdan Türkmenistana poçta ugratmak hyzmaty dikeldildi

13:0013.02.2021
0
9371

«Singapur Post Limited» kompaniýasy resmi saýtyndaky hasabatlarda Singapurdan Türkmenistana poçta eksport etmegi gaýtadan dikeldendigini habar berdi.

Häzir Singapurdan biziň ýurdumyza poçtalary «Speedpost Express» halkara poçta nyşany bilen iberip bolýar.

«Türkmenpoçta»-nyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, halkara poçta gatnawlaryna täzeden başlandygyny ýatladýarys. Häzir ýurdumyzdan poçta ugradyp bolýan döwletleriň sany bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň