Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen gepleşikleri geçirdi

18:3411.02.2021
0
5770

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Nyýazalyýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Taraplar Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy, diplomatik, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, söwda, maýa goýumlary we energiýa çeşmeleri boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine hem garaldy.

«Kabar.kg» agentliginiň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge-de aýratyn üns berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň