Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Ýaşlar öz ýaşaýan ýerinde islän ugry boýunça bilim alyp bilmelidir»

23:3508.02.2021
0
5702

8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem milletiň Lideri maslahatyň dowamynda bilim ministri O.Gurbanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ulgamy kämil derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.

Milletiň Lideri irki döwürden başlap çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini aýratyn nygtady.

Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik işleri ýokary derejede guralmalydyr. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, bu babatda mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hili we derejesi dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrylmaly. Ýaşlara bilim bermegiň, okatmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly — bakalawr we magistr maksatnamalaryna geçmek boýunça zerur işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Bilim ministrligine okuwçylaryň hem-de talyplaryň dogry pikir ýöretmek we erkin döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, başlangyç zähmet endiklerini öwretmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak boýunça düýpli işleri geçirmek tabşyryldy.

Bilim edaralarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, tejribelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülmelidir. Okuwçylara kitaplary aýawly saklamagy hemişe ündemek gerek.

Ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin bu ugurda çagalar bagyndan başlap, zerur çäreleri yzygiderli geçirmeli diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Bilim ministrligine ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanyp, öňdebaryjy halkara uniwersitetler hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek üçin sanly ulgam giňden ornaşdyrylmalydyr. Zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw kitaplary we gollanmalary, wideo we audiomateriallar bilen üpjünçiligi gowulandyrmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň