Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

12:0608.02.2021
0
4157

Golaýda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.

Oňa «Asahi Shimbun», «NHK», «Kyodo News», «Mainichi», «Sumitomo Global Research», «Dentsu», «Japan-Eurasia Society» habarlar agentlikleriniň wekilleri we köp sanly ýerli žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada neutrality.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitleri we durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti çykyşyň esasy özenini düzdi.

Çärä gatnaşyjylar türkmen Lideriniň energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlary we olaryň many-mazmuny, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar barada hem giňişleýin maglumat aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň