Türkmenistan Dubaýda geçiriljek «EKSPO» sergisine ýokary derejede taýýarlyk görer

10:5806.02.2021
0
6817

5-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de şonda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.

Biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şoňa görä-de, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki döwürdäki gazananlary, halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlary barada aýdyň düşünje almaklary üçin hemme mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr, munuň şeýle bolmagyna iri möçberli halkara gözden geçirişlerine yzygiderli gatnaşylmagy gönüden-göni täsir edýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Dubaýda “EKSPO” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge, daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlaryny mahabatlandyrmaga we öňe ilerletmäge hem-de dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň