Soňky habarlar

Arhiw

«Belawia» Türkmenistana alnan petekleriň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaltdy

16:5501.02.2021
0
14090
«Belawia» Türkmenistana alnan petekleriň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaltdy

Belarusyň «Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistana guraljak uçar gatnawlarynyň petekleriniň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaltdy (ozalky bellenen möhlet 31-nji martdy). Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Petekleri satuw merkezlerinde ýa-da onlaýn ýagdaýda alyp bolýar.

Häzirki wagtda awiakompaniýanyň uçarlarynyň Aşgabat şäherine gatnawy 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli duruzyldy.  Şeýle hem «Belawia» Latwiýa, Wengriýa, Gazagystan, Şweýsariýa we Russiýanyň Moskwadaky «Domodedowo» howa menzilinden başga menzillerine uçuşlary wagtlaýyn saklaýar.

Kompaniýanyň Minsk ― Aşgabat ― Minsk aralygyndaky uçuşy «Boeing 737» uçary bilen hepdede bir gezek amala aşyrylýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň