Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany» bäsleşigi başlaýar

18:0330.01.2021
0
15999

“Turkmenportal”, 01.02.2021–10.02.2021 seneleri aralygynda “Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” atly  bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp redaksiýa tarapyndan «Iň gowy onlaýn dükany» şeýle-de aşakdaky üç ugur boýunça, «iň gowusy» saýlanar:

  1. «Iň gowy hyzmat / Eltip berme»
  2. «Ýokary hilli önümler»
  3. «Sahy satyjy»

«Iň gowy onlaýn dükan» saýlananda, sargytlary kabul etmegiň wagty, gowşuryş wagty/tizligi, harytlaryň suratdakysy bilen meňzeşligi, kart arkaly tölemek aýratynlygyna baha berler.

Iň köp bal gazanan dükan ýeňiji bolar.

«Iň gowy hyzmat / Eltip berme» ugry boýunça, dükanyň sargytlary işläp taýýarlamak we gowşurma wagty bahalandyrylar.

«Ýokary hilli önümler» ugrunda, sargyt edilen önümiň suratdakysy bilen meňzeşligi we önümiň hili ýaly aýratynlyklara baha berler.

«Sahy satyjy» ugry bolsa, müşderilere goldaw hyzmatynyň barlygy, dükanyň web sahypasynyň bolmagy, birnäçe diller goldawy şeýle-de satyn alnan harytlary yzyna gaýtarmak ýaly aýratynlyklarynyň we “keşbek” hyzmatlaryň barlygyna baha beriler.

Onlaýn dükanlaryň hyzmatlara baha bermek «Turkmenportal» redaksiýasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylar.

Bu bäsleşige Aşgabadyň islendik gyzyklanma bildirýän onlaýn dükany gatnaşyp biler. Gatnaşmak üçin, «Aşgabatdaky iň gowy onlaýn dükan» belligi bilen info@turkmenportal.com elektron poçtasyna arza ibermeli, şeýle hem anketany doldurmaly we gatnaşmak üçin razylygy bermek ýeterlikdir .

Bäsleşikde ýeňiji bolan onlaýn dükan baş baýragy ýagny, «Turkmenportal»-dan dükan barada giňişleýin syn wideosyny alar, beýleki üç ugur boýunça iň gowy onlaýn dükanlar üçin «Turkmenportal» tarapyndan dükanyň doly syn makalasy ýazylar. 

Däp bolşy ýaly iň gowy teswir ýazan ildeşimiz gatnaşýan dükanlardan ýörite baýrak alar. 

Gatnaşýan dükanlar barada sosial ulgamlarda we «Turkmenportal» web sahypasynda bu bäsleşik barada ýazgynyň aşagynda gatnaşýan dükan barada teswir ýazmak ýeterlikdir.

Gatnaşmak üçin arzalar 30.01.2021 - 01.02.2021 seneleri aralygynda kabul ediler.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň sanawy 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda yglan ediler.

Bäsleşigiň netijeleri bolsa, 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda yglan ediler.

Bäsleşigiň guramaçysy: «Turkmenportal».

Soraglar boýunça şu nomer arkaly habarlaşyp bolar: +99361991315.

 

Şeýle-de serediň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň