Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB-de geçen hepde daşary ýurt walýutasynda 25,5 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

22:2624.01.2021
0
6142

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, BAE, Türkiýe, Gyrgyzystan, Özbegistan döwletleriniň işewür wekillerine reňksiz aýna, nah ýüplük, tekiz boýalan žakkard hem-de tüýjümek önümler, jinsi matasy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 13 million 413 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 232 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň