Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Internet toruna birikdirilmegiň Tertibi tassyklanyldy

17:2223.01.2021
0
77617
Türkmenistanda Internet toruna birikdirilmegiň Tertibi tassyklanyldy

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 133 belgili buýrugy bilen Türkmenistanda Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri, degişli çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi, Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň Tertibi tassyklanyldy.

Buýrukda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen şeýle karara gelnendigi nygtalýar.

Resminama arkaly ýokarda görkezilen Tertip tassyklanyldy we onuň ýerine ýetirilişine gözegçi (Agentligiň orunbasary) bellenildi.

Tertip Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndaky şu salgyda doly ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň