Türkmenistan Merkezi Aziýada dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça öňdebaryjy bolup galýar

15:5807.05.2024
0
11471

Bütindünýä benzin bahalary (GPP) portalyna görä, 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Türkmenistan Merkezi Aziýada öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu barada HHM habar berýär.

Habarda görkezilen senä görä Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasynyň litri üçin 0,28 dollar - 1 türkmen manadydygy aýdylýar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda arzan dizel ýangyjynyň sanawynda Türkmenistandan soň Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bar.

Reýting maglumatlary dizel ýangyjynyň iň arzan bahasy boýunça Türkmenistanyň dünýäde ýedinji orunda durýandygyny görkezýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň