Türkmenistanda Ýaponiýanyň talyp hakly maksatnamalaryna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy

15:1207.05.2024
0
18343
Türkmenistanda Ýaponiýanyň talyp hakly maksatnamalaryna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy
Surat: newscentralasia.net

Ýapon Hökümeti ýurduň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň (MEXT) talyp hakly maksatnamalaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtly talyplaryň arzalaryny kabul edip başlandygyny habar berdi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Hususan-da, talyp hakly maksatnama gatnaşmak üçin şu aşakdaky dört ugur boýunça arzalar kabul edilýär:

Talyp-gözlegçi (aspirantura);

Talyp (bakalawr derejesi);

Tehnologiýa kollejiniň talyby (hünärment mekdebi);

Ýöriteleşdirilen okuw kollejiniň talyby (ýöriteleşdirilen okuw kollejiniň derejesi).

Maksatnama gatnaşmak üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalary 2024-nji ýylyň 7-nji iýunyna çenli Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna tabşyrylmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň