Türkmen we owgan hususy kärhanalarynyň arasynda 10 sany ylalaşyga gol çekildi

16:5907.05.2024
0
16681
Türkmen we owgan hususy kärhanalarynyň arasynda 10 sany ylalaşyga gol çekildi
Surat: ariananews.af

Türkmenistanyň we Owganystanyň hususy kärhanalarynyň arasynda gurluşyk materiallary hem-de azyk önümleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 10 sany ylalaşyga we Özara düşünişmek hakynda 2 sany Ähtnama gol çekişildi.

Ylalaşyklara gol çekişmek dabarasy türkmen işewür wekiliýetiniň Hyrat welaýatyna amala aşyran saparynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Owganystanyň söwda-senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuriddin Aziziniň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekillerinden ybarat işewür wekiliýetiň Owganystanyň Hyrat welaýatynda saparda bolýandygy, saparyň maksadynyň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdygyny habar beripdik. Saparyň dowamynda türkmen tarapy owganystanly kärdeşlerinden gurluşyk harytlaryny, aýratyn hem, demir önümlerini we mermeri uly möçberde satyn almak barada gepleşikleri geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň