Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady

16:3523.01.2021
0
2736
Berdimuhamedow Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinýazow 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bu maksatnama türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatdaky ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler maksatnamanyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Bu çäreleriň hemmesi milletiň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilendir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň ähmiýetini belledi, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş, saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy şol işiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Milletiň Lideri hödürlenen taslamany makullap, Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy, şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň