Indiki hepdede Türkmenistanda ýene howa sowar

16:3616.01.2021
0
6433

Gysga wagtlyk maýlamadan soň, eýýäm indiki hepdeden başlap, Türkmenistana ýene-de sowuk howa aralaşar. Howanyň durnuksyzlygy Ortaýer deňziniň we Günorta Hazaryň yssy we gurak günleri getiren siklonlarynyň täsiri bilen baglanyşyklydyr.

Geljek hepde Russiýanyň Ýewropa böleginiň we Günbatar Gazagystanyň günortasyndan hereket edýän sowuk antiksiklon Türkmenistanyň çägine aralaşar, netijede temperatura ep-esli pese düşer.

20-nji ýanwardan howanyň birden sowap başlamagyna garaşylýar. 21-nji ýanwar gijesinde howanyň temperaturasynyň paýtagt sebitinde noldan 5 dereje aşak düşmegine garaşylýar. Günüň dowamynda ygalyň, garyň ýagmagyna garaşylýar.

Howanyň temperaturasynyň peselmegi Türkmenistanyň çäginde iki hepde töweregi dowam eder. Käbir sebitlerde termometr Selsiýa boýunça -15 gradusa düşer.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aýazly günlerde wirusdan we sowuklama kesellerinden goranmak üçin howa laýyk geýinmegi maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň