Ozalkysy Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlary bir ýyl soňa süýşürildi

16:5815.01.2021
0
7495

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary ozalky meýilnama boýunça şu ýylyň 21 ― 30-njy maýy aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilmelidi.

― Ýöne häzirki pandemiýa ýagdaýlary sebäpli yklym ýaryşy indiki ýyla geçirildi ― diýip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň resmi saýty habar berdi. Bu karara AOG, Tailandyň Milli Olimpiýa komiteti we Oýunlaryň guramaçylyk komiteti bilelikde geldiler. Yklym ýaryşynyň täze senesi 2022-nji ýylyň 10 ― 20-nji marty aralygy boldy.

Nobatdaky ýaryşlary sportuň 24 görnüşini öz içine aljak bu Oýunlaryň ozalkysy 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň