«Belawia» Aşgabada uçuşlary bahara çenli togtadýar

11:4514.01.2021
0
28956

«Belawia» awikompaniýasy Aşgabada howa gatnawlarynyň togtadylmasyny şu ýylyň 1-nji martyna çenli uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Belarus kompaniýasy Latwiýa, Wengriýa we Gazagystana hem gatnawlary wagtlaýyn amala aşyrmaýar. Şeýle hem, Moskwa şäheriniň «Domodedowo» howa menzilinden başga «Belawianyň» Russiýadaky beýleki menzillere uçuşlary wagtlaýyn togtadyldy.

Ýolagçylar ýatyrylan uçuşlaryň peteklerini yzyna gaýtaryp ýa-da 2021-nji ýylyň 30-njy martyna çenli uçuş senesini üýtgedip bilerler.

«Belawianyň» Minsk ― Aşgabat ― Minsk ugry boýunça hepdede bir gezek uçuş amala aşyrýandygyny ýatladýarys. Kompaniýanyň «Boeing 737» uçary türkmen paýtagtyna sişenbe güni gelip, çarşenbede yzyna dolanýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň