Soňky habarlar

Arhiw

53 ýaşly futbolçy Kazuýoşi Miura topary bilen täze şertnama gol çekişdi

12:5413.01.2021
0
7636

Ýaponiýanyň “Ýokogama” kluby 53 ýaşly futbolçy Kazuýoşi Miura bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy. Toparyň metbugat gullugynyň habaryna görä, hüjümçi bilen täze şertnama 2021-nji möwsüm üçin gol çekildi.

- Geçen möwsümde koronawirus sebäpli dünýä kyn ýagdaýa düşdi, ýöne dürli adamlaryň kömegi arkaly biz futbol oýnamak bilen şatlygy duýup bileris. Men has köp oýna çykmak we toparyň ýeňişlerine goşant goşmak üçin her gün köp türgenleşýärin -diýip, Miura aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Miura dünýäniň iň uly ýaşly futbolçysy hasaplanýar. Bu onuň professional karýerasynda 36-njy möwsümi bolar.
Ýaponiýanyň çempionatynyň soňky möwsüminde ol 4 oýun oýnady we gol geçirmedi. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Miura liganyň taryhynda iň ýaşuly oýunçy boldy.
Miura 1990-njy ýylda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda ilkinji gezek çykyş etdi we 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda oňa wekilçilik etdi. Ol milli ýygyndy üçin 89 oýun oýnap, 55 pökgi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň