Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportal» öz hyzmatdaşlary bilen Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewany 121 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

16:0212.01.2021
5
38450

«Turkmenportalyň» redaksiýasy Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, uzak ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewanyň Täze ýyl baýramy we doglan güni bilen gutlady.

Mährem enäni gutlamak dabarasyna Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli bölüminiň, ýurduň Zenanlar birleşiginiň, «Ak tam», «Hyjuwly laçyn», «Miweli ülke» we «Ýüpekçi», şeýle-de «Nur ýüpek» ýaly kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ajapsoltan ejäniň 86 ýaşly ogly Ata aga myhmanlaryny gadyrly garşylady. Biz mährem enäni tüýs ýürekden gutladyk we iň süýji arzuwlarymyzy beýan etdik. Bu ýakymly pursatlara enäniň agtyklary, çowluklary we beýleki nebereleri hem şaýat boldular.

Mährem enäni gutlamak dabarasyna gatnaşan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň wekili özünde galan täsiri şeýle beýan etdi.

― «Türkmenportalyň» çakylygyna we bu ýakymly çärä gatnaşandygyma diýseň begendim. Uzak ýaşly enäniň öýünde myhman bolmak ýakymly duýgy. Ony öz gözleriň bilen görmek hemmelere nesip etmeýän bagt. Goý, Ýaradan her kime şeýle uzak we abraýly ömri nesip etsin! Ajapsoltan ejä ýene saglyk we belent ruh arzuw edýärin!

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň wekilleri:

― Ajapsoltan Hajyýewa we maşgalasyna saglyk, abadançylyk we rahatlyk arzuw edýäris! Dünýäniň iň uzak ýaşan zenanlarynyň biriniň biziň watandaşymyzdygyna örän buýsanýarys.

Mährem enäniň gyz nebereleriniň biri «Turkmenportalyň» redaksiýasy tarapyndan ýollanan gutlag hatyny hem okap berdi. Onda şeýle sözler bar:

“Hormatly Ajapsoltan Hajyýewa! “Turkmenportal” web saýty sizi 121 ýaşyňyzyň dolmagy bilen gyzgyn gutlaýar. Size jan saglyk, ruhubelentlik arzuw edýäris! Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň uzak ýaşly adamy hökmünde girmegiňizi bolsa tüýs ýürekden isleýäris!".

Myhmanlar Ajapsoltan ejä alyp gelen sowgatlaryny gowşurdylar.

Elbetde, enäniň garaşylmadyk ýakymly pursatlara begenji çäksizdi. Şonuň üçin hem ol hoşlaşyk mahalynda myhmanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diýdi: 

― Alla sizi öz penasynda aman saklasyn!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 12.01.2021 )

Дай Бог здоровья и долгих лет жизни всем Туркменистанцам.

0
Kerem ( 13.01.2021 )

Enemjan ömrüñ uzak görjegiñ gowulyk,doglan güniñ gutly bolsun Allajan uzak ömür bersin çagalañ, agtyklañ, çowluklañ, yuwluklañ arasynda basyñ dik bolsun.

3
soyguliwatan ( 13.01.2021 )

in şa allah

0
Watanymyz ( 13.01.2021 )

Allanyň kömegi bilen

0