Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasyna täze lukmançylyk enjamlary geldi

10:1012.01.2021
0
9112

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasyna Ýaponiýa, Germaniýa döwletlerinden döwrebap lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy. Olar gastroskop, sistoskop, kolonoskop enjamlarydyr. Bu barada "Türkmen gündogary" gazeti habar berýär.

Gastroskop adyndan hem belli bolşy ýaly, gyzylödegi, aşgazany, onkibarmak içegäniň ýollaryny barlamaga niýetlenilendir. Sistoskopiýa barlaglaryny geçirmäge niýetlenilen ikinji bir enjam bolsa bu barlaglary ozalkylaryndan has takyk geçirmäge mümkinçilik berýär.

Hususan-da, bu barlaglaryň üsti bilen peşew ýollarynda emele gelen näsazlyklary takyk kesgitläp bolar. Hassahana täze getirilen üçünji bir lukmançylyk enjamy bolsa kolonoskop diýlip atlandyrylýar. Bu enjam ýogyn içegedäki näsazlyklary anyklamaga ýardam berýär.

Hassahananyň lukmanlary täze enjamlaryň bu ýerde ozal bar bolan şeýle maksatly enjamlardan mümkinçilikleriniň has kändigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň