Türkmenistanda «Saglyk» akylly sagady öndüriler

20:5508.01.2021
0
32857

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan döredilen «Agzybirlik Tilsimaty» şereketi şu ýyl akylly sagat önümçiligine başlaýar. Bu barada «Orient» neşiri habar berýär.

Milli akylly sagadyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň saglyk bilen baglanyşyklydygy nazara alnyp, ýerli öndürijiniň ony «Saglyk» diýip atlandyrmaklygyna garaşylýar.

Täze mehaniki enjamyň (gadjetiň) esasy aýratynlygy, onuň beden ýagdaýyny görkezijiler –  ýürek işleýşini, bedeniň gyzgynlygyny, gan basyşyny we kislorod bilen doýma derejesini ýazyp maglumat alýan programma bilen üpjün edilmekligidir.

Milli akylly sagat sport režimini, tigir sürülende onuň tizligini, sport türgenleşiginiň bolsa ýokary derejeliligini (intensiwligini) kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Ýerli akylly sagat ädimlerde we kaloriýalarda (kaloriýa –ýyllyk mukdarynyň ölçeg birligi) beden işjeňligini ölçäp, onuň umumy suratyny ölçelen gününiň sene ýazgysy bilen görkezmekligi üpjün edýär hem-de sagdyn işjeňlik we dynç alyş deňagramlylygyny saklamaklyga mümkinçilik döredýär.

Diametri 42 millimetr boljak milli akylly sagadyň tegelek plastik korpusy bolar, ýöne plastik örtük bilen deňeşdirilende, onuň keramikadan bolan arka ýüzi signallaryň ýüregiň kardiogrammasyny has takyk okamagyny üpjün eder. 

Ajaýyp we döwrebap «Saglyk» akylly sagadynda öňünden gurnalan ýönekeý sagat ýüzi we nusgawy (klassiki) sagat ýüzleri bolar, şeýle hem onda sagat ýüzlerini öz islegiň boýunça döretmäge mümkinçilik bolar.

Ulanyjy ýerli mehaniki enjamyň (gadjet) interfeýsine üç dilde –  türkmen, rus we iňlis dillerinde girip biler.

Milli akylly sagat, eýýäm öz döwletleriniň çäginde türkmen önümlerini ýerleýji hökmünde çykyş etmäge isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalaryny gyzyklandyrdy.

«Agzybirlik Tilsimaty» şereketi, esasan, içerki we sebit bazaryndaky zerurlyklary kanagatlandyrmaklyga gönükdirilendir, ýöne eksport mümkinçilikleri has giň geografiýany gurşap biler.

Türkmenistanda «Saglyk» akylly sagady 2021-nji ýylyň ýazynda satuwa çykarylar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik Tilsimaty» atly bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň