Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. 25-nji noýabrda bolan mejlise Türkmenistanyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarydyr alymlary, Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Siniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň geçen ýylyň noýabrynda Pekin şäherinde geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisde iki ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada garaýyşlary we teklipleri beýan edildi. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, häzirki zaman sanly, energiýa we serişde tygşytlaýjy, daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine, bu ugurlarda özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň ýanyndaky Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkeziniň ýerine ýetirmeli işlerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, bu merkez ylmy oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak babatda türkmen we hytaý alymlarynyň arasynda özara tejribelerinidir bilimleri alyşmakda möhüm orun eýelär.
Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek we bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.
Mejlisiň dowamynda iki ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça dürli başlangyçlar öňe sürüldi. Iki ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we tehnika boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça çözgütleri kabul etdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki alyşmalar merkeziniň arasynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisiniň Teswirnamasy kabul edildi.
Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň ikinji mejlisine we «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşmak üçin gelen hytaý wekiliýeti Aşgabadyň gözel ýerlerinde bolup, ýurduň taryhy, medeniýeti, häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşdy.