Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

23:5207.01.2021
0
7170

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan eden Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlag sözlerini ýetirdi.

Netijeli esasda geçen duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.

Taraplar halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, dünýä giňişliginde, şol sanda iri abraýly guramalarynyň we sebit düzümleriniň binýadynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň