Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagydyr.
Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz söwda we ykdysady ugurda möhüm energiýa, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Şolaryň arasynda Akina ― Andhoý demir ýoly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, döwletara energiýa magistralynyň ― TOPH gazgeçirijisiniň owgan bölegini gurmak ýaly taslamalar bar.
Owganystanyň Milli statistika we maglumat dolandyryş gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan Owganystany benzin bilen üpjün etmekde birinji orunda durýar. Şeýle hem biziň ýurdumyza Owganystan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport edýän döwletleriň arasynda ilkinji üçlüge girýär.
Şeýlelik bilen, goňşy döwlete şu ýylyň 9 aýynda 337 müň tonnadan gowrak benzin we dürli markalaryň, takmynan, 40 müň tonna dizel ýangyjy, 147 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz, 4 müň tonnadan gowrak gaz kondensaty, takmynan 1,4 müň tonna polipropilen we gymmaty 230 million dollardan gowrak bolan nebit-gaz toplumynyň beýleki önümleri ugradyldy.
Mundan başga-da, 140 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy, 30 müň tonna awiasiýa kerosini we ş.m. ýaly nebit önümlerini paçsyz üpjün etmek amala aşyryldy, ýylyň üç çärýeginde olaryň bahasy 180 million dollardan geçdi.
Bu önümleriň esasy böleginiň goňşy ýurda Atamyrat ― Akina demir ýoly arkaly, türkmen-owgan serhedindäki Ymamnazarda nebit önümlerini almak, saklamak we ibermek üçin terminal arkaly iberilýändigini goşýarys.