Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýadaky iň belent Täze ýyl arçasy Aşgabatda dikildi

02:1030.12.2020
0
27643

Türkmen paýtagtynda dikilen Baş arça Merkezi Aziýa döwletlerinde Täze ýylda baýramy mynasybetli dikilen iň belent arçadyr. Bu barada «Mir 24» agentliginiň habarynda aýdylýar.

Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde dikilen Baş arçamyzyň beýikligi 41, ini bolsa 16 metre ýetýär. Onuň müň bir dürli öwüşgini paýtagtdaky baýramçylyk dabaralaryna aýratyn bezeg berýär.

Aşgabatdaky Baş arçanyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakyldy. Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna gelip, çagalaryň baýramyny gutlady.

Beýikligi boýunça Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýän arça Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde dikildi. Bu arçanyň beýikligi 36, ini bolsa 13 metre ýetýär. Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan we Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherlerindäki Baş arça bu sanawyň ilkinji üçlügini jemleýär. Şäherdäki iň belent arçanyň beýikligi 25 metre deň.

Ikinji ýerde Daşkende (Özbegistan) agaç, beýikligi  36 metr , diametri 13 metr.

Täjik hökümeti bolsa şu ýyl paýtagtyň merkezi meýdançasynda Täze ýyl arçasyny oturtmazlyk kararyna geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň