Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2-nji maýda Oman Soltanlygynyň söwda, senegat we maýa goýumlara ýardam etmek ministri Kaýs bin Muhammad al-Ýusufy kabul etdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler hem-de Owganystanyň üstünden geçjek demir ýoluň gurluşygy barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, söhbetdeşler energetika, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, geologiýa, azyk, dokma, himiýa senagaty, şol sanda Özbegistan — Oman maýa goýum kompaniýasynyň goldawy bilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Ýeri gelende bellesek, «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesi Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda harytlaryň daşalmagyny aňsatlaşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesidir. Ol Ýewraziýa sebitinde aragatnaşygy gowulandyrmaga we ony beýleki ulag geçelgeleri, şol sanda Halkara Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir.