Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary buýan köküniň düzüminden glisirrizin aldylar

10:4028.12.2020
0
1829

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň  barlaghanalarynda buýan köküniň mikroskopik seljermesiniň, şeýle hem ondan glisirrizin almagyň üstünde işlenilip, ony lukmançylykda, iýmit, konditer, reňk almak senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda giňden ulanmagy ýola goýmak göz öňünde tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Buýanyň ýerasty organlarynyň mikroskopik seljermesi üçin institutyň degişli meýdançasynda (Şor, Garadamakda) ösdürilen buýan ösümliginiň ýerasty organlarynyň çig malynyň nusgalary ulanyldy. Onuň wagtlaýyn mikroserişdeleri taýýarlamak üçin öwrenilýän çig maly öňünden sowuk suwda ýumşadyldy. Soňra ýukajyk kesiklere bölünip, olar aýnajyklara ýerleşdirildi. Mikroskopyň görüş meýdanynda onuň aňsat saýgarylýan ýagly düwmejiklerine gözegçilik edildi. Bu bolsa çig malda efir ýaglarynyň saklanýandygyny tassyklady.

Şeýle hem barlaghana şertlerinde buýan kökünden glisirrizini bölüp almak üçin onuň çig maly Türkmenabat şäherindäki «Buýan» kärhanasyndan getirildi. Tejribede synag etmek üçin buýan köki iki görnüşde — böleklere bölünen we owradylan (toz) şekilinde ulanyldy. Has takygy, alnan buýan kökleri diametri 1-1,5 we uzynlygy 2-3 santimetr bolan kiçijik böleklere bölündi. Guradylan köki bolsa owradylan görnüşe getirildi. Soňra onuň agramy ölçenilip, böleklere bölünen köküň üstüne distillirlenen suw guýlup, 24 sagat ýumşatmaga goýuldy. Ondan soňra bolsa üstüne erediji guýuldy. Erediji hökmünde etanol ulanyldy. Alnan ergin täze, arassa kolba süzüldi. Soňra alnan arassa ergin elektrik peji arkaly bugardyldy. Bugardylandan soň galan madda süzülip, etanol bilen ýuwlup, wakuumda guradyldy. Netijede, glisirrizin alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň