Soňky habarlar

Arhiw

Bagajada şu ýyl 8315 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi

14:2924.12.2020
0
6585

Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynyň işgärleri şanly ýyly zähmet ýeňişlerine besleýärler. Kuwwatly desgada önüm öndürilişiniň depgini barha artýar. Bu barada "Türkmen gündogary" gazeti habar berýär.

Ýylyň geçen on bir aýynda suwuklandyrylan gazyň 8315 tonnasy öndürilip, meýilnama 110 göterim berjaý edildi. Geçen hasabat döwründe gaz kondensatyny öndürmekde has-da ýokary görkezijiler gazanyldy. Şonda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan bu önümiň 24,5 müň tonna golaýy öndürilip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 148 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle üstünlikler tehnologik enjamlaryň ýokary sazlaşykly işledilmegi, işleriň döwrebap guralmagy arkaly gazanylýar. Hünärmenler çylşyrymly enjamlary abatlamak we sazlamak ýaly işleri hem maksada laýyk ýerine ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň