«Nur Ýüpek» Täze ýyl mynasybetli arzanladyş yglan edýär

17:3920.12.2020
0
17203

“Nur Ýüpek” markasynyň mata dükanlarynda 23-30-njy dekabr aralygynda Täze ýyl mynasybetli aksiýa yglan edilýär. Ýagny, bu aksiýada Aşgabatdaky we welaýatlarda ýerleşýän “Nur Ýüpek” markasynyň mata dükanlaryndan islendik matany 10%, taýyn köýnekleri 20% arzan şeýle-de, “Nur Ýüpek” ykjam programmasy arkaly onlaýn usulda matalary has arzan hem satyn alyp bolar.

Mundan başga-da, “Nur Ýüpek” markasynyň mata dükanlaryndan Täze ýyl sowgat kartlaryny satyn alyp ony ýakynlaryňyza sowgat berip bilersiňiz. Sowgat kartlary arkaly “Nur Ýüpek” markasynyň mata dükanlaryndan göwnüňize ýaran islendik matany almak mümkin. Täze ýyl sowgat kartlarynyň möhleti ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Mundan ozal, “Nur Ýüpek” dükanynyň harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýändigini habar beripdik.

 

Şeýle hem okaň:

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň