Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň iň gowy söwda kärhanalary yglan edildi

17:2318.12.2020
2
13946

Türkmenistanyň Söw­da top­lumy­nyň bi­nasyn­da Türkme­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­naşyk­lar mi­nistr­li­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we te­le­ke­çi­lik ug­ru­nyň iş­gärle­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şygy­nyň Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da mi­nistr­li­giň Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leşýän eda­ra-kär­ha­na­la­rynyň ara­syn­da yg­lan edi­len «2020-nji ýy­lyň iň oňat söw­da kär­ha­na­sy» at­ly bäsle­şi­giň jem­le­ri jem­le­nil­di. Bu barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň resmi saýty habar berýär.

Bäs­le­şi­giň geç­ýän döw­rün­de eminler to­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy aragat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li oba, et­rap aly­jy­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne, önüm­çi­lik we söw­da kär­ha­na­la­ryna hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri bo­ýun­ça azyk, se­na­gat ha­ryt­la­ry­nyň söw­da­sy­ny alyp bar­ýan, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti no­kat­la­ry­na we önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­na, ba­zar­la­ra, lo­maý we bö­lek söw­da kär­ha­na­la­ry­na aý­la­nyp gör­dü­ler.

Bäs­le­şi­giň jem­le­ri jem­le­ni­len­de, eminler ta­ra­pyn­dan söw­da ug­ru­na degiş­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da iş­le­riň gu­ra­ly­şy, ila­ta edilýän hyz­mat­lar, işi gu­ra­mak­da ýo­la goý­lan tä­ze­likler, ýag­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry­na, şol san­da söw­da pu­da­gy­na hem san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak ba­ra­da­ky ber­ýän tab­şyryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, söw­da kär­ha­na­la­ryn­da san­ly ul­ga­myň üs­tün­lik­li or­naş­dy­ry­ly­şy na­zar­da tu­tul­dy.

Bäsleşikde jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti hyz­mat­la­ry bo­ýun­ça 1-nji or­na «Paý­tagt» söw­da mer­ke­zi­niň «Paý­tagt» res­to­ra­ny my­na­syp bol­dy. Şeý­le hem önüm­çi­lik ugry bo­ýun­ça 1-nji or­na «Aba­dan» önüm­çi­lik kär­ha­nasy we ba­zar­lar bo­ýun­ça 1-nji or­na «Gün­do­gar» ba­zary saý­la­nyl­dy. Lo­maý-bö­lek söw­da kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da «Türk­men­ba­ka­le­ýa» döw­let lo­maý-bö­lek söw­da fir­ma­sy ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­di. Şeý­le-de söw­da kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da 1-nji or­na «Al­tyn Za­man» döw­let söw­da mer­ke­zi my­na­syp gö­rül­di.

Ýe­ňi­ji­le­re gym­mat­ba­ha­ly ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry hem-de Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň