Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Güneşli Zaman" aýry-aýry taslamalara laýyklykda gurluşyk pudagyny ösdürýär

10:4316.12.2020
0
8103

"Güneşli Zaman" kompaniýasy, ýaşaýyş jaýlaryny dizaýn etmek we gurmak üçin raýatlara öz hyzmatlaryny hödürläp, aýry-aýry taslamalara laýyklykda gurluşyk pudagynyň ösmegine ýardam berýär.

Kompaniýa diňe bir gozgalmaýan emläk hyzmatlaryny däl, eýsem jaýlaryň we kottejleriň gurluşygyny hem öz içine alýar. Müşderi bilen ýakyn hyzmatdaşlyk we 3D taslamany işläp düzmekden başlap, taýýar obýekti hödürlemäge çenli ähli etaplar boýunça amala aşyrylýar.

"Güneşli Zaman" kompaniýasynyň web sahypasyndaky gurluşyk bölümi esasanam müşderileriň amatlylygy göz öňünde tutulyp döredildi. Saýt häzirki zaman binagärlik dizaýny bilen bir we iki gatly kottejleriň taslamalaryny hödürleýär. Taslamalar barada has giňişleýin maglumaty, saýtda ýerleşýän telefon belgisi bilen onlaýn ýola goýup bilersiňiz. Şonuň ýaly-da, kompaniýanyň hünärmenleri bilen habarlaşyp, islendik mesele boýunça telefon arkaly maslahatlaşyp bilersiňiz.

"Güneşli Zaman"-yň hünärmenleri hyzmatdaşlygyň işini mümkin boldugyça aç-açan we düşnükli etmäge synanyşýarlar. "Güneşli Zaman" kompaniýasynyň gurup ulanmaga berýän jaýlarynyň ählisi döwlet we halkara standartlaryna laýyk gelýär. Jaýlar we kottejler, her bir müşderiniň isleglerini we mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, aýratyn taslamalara laýyklykda gurulýar.

Şeýle-hem:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň