Soňky habarlar

Arhiw

“Güneşli Zaman” kompaniýasy tarapyndan öýüň içki 3D modelini taýýarlamak boýunça arzanladyş hödürlenilýär

17:2717.11.2020
0
10921

“Güneşli Zaman” gozgalmaýan emläk hünärmenleri müşderilerine ýakyn wagtda boljak abatlaýyş bilen baglanyşykly işlerine kömek edýär. Şeýlelik bilen, jaý satyn alanyňyzda “Güneshli Zaman” kompaniýasynyň IT hünärmeni, agentligiň müşderisi üçin 50 göterim arzanladyş bilen täze jaýyň içki dizaýnynyň 3D modelini döreder.

3D wizuallaşdyrma, otagyň geljekki dizaýnyny jikme-jik görkezmäge we reňkleriň şeýle-de ýagtylygyň belli bir sazlaşygynyň bir ýa-da beýleki yşyklandyryşda nähili görünjekdigi bilen baglanyşykly ähli aýratynlyklary göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, 3D wizuallaşdyrmagyň kömegi bilen rahatlygy we ykjamlylygy göz öňünde tutup, mebelleriň ýerleşişini jikme-jik gözden geçirip bilersiňiz.

Mundan ozal biz “Güneşli Zaman”-yň mebel satyn almak we arassalaýyş hyzmatlary üçin arzanladyş kuponlaryny berýändigini ýazypdyk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň