Turkmenportal logo
10.11.20
1058610586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Güneşli Zaman” mebel satyn almak üçin sowgatlyk kuponlary hödürleýär
“Güneşli Zaman” mebel satyn almak üçin sowgatlyk kuponlary hödürleýär

“Güneşli Zaman” gozgalmaýan emläk hünärmeni tarapyndan düýpgöter täze hyzmat hödürlenýär. Kompaniýa diňe gozgalmaýan emläk gözlemekde we kagyz resminamalarynda kömek etmek bilen çäklenmän, müşderilerine mebel satyn almakda ep-esli arzanladyş berýän sowgatlyk kuponlary hem hödürleýär.



Kompaniýa birnäçe iri dükanlar bilen şertnama baglaşdy we olar bilen hemişe hyzmatdaşlyk edýär. “Güneşli Zaman”-yň müşderilerine bu dükanlarda taýyn we gurlan mebellere 20%-e çenli arzanladyş berýän sowgat kuponlary berilýär.



Satuw şertnamasy baglaşylandan soň talonlaryň ýa-da şahadatnamalaryň gowşurylandygyny bellemelidiris. Ozal “Güneşli Zaman” arassalaýyş hyzmatlary üçin arzanladyş kuponlary hem hödürleýändigini habar berdik.