Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi bilen tanyşdy

23:5212.12.2020
0
3664

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan Halkara sergi bilen tanyşdy. Ol 12 günüň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ýeten derejesini görkezdi.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara serginiň birnäçe gün bäri öz işini dowam edýändigi, onuň çäkleirnde birnäçe çäreleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan serginiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini beýan etmekde we öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Milli Liderimiz bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna degişli bölümler bilen tanyşdy. Wise-premýerler özleriniň gözegçilik edýän düzümlerindäki sergiler bilen tanyşdyrdylar.

Döwlet Baştutany köpugurly pudaklaýyn sergi bilen tanyşlygyny jemläp, bu ýerde guralan giň möçberli gözden geçirilişe ýokary baha berdi hem-de şeýle sergileri yzygiderli dowam etdirmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň