Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

23:4912.12.2020
0
8087

12-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna - türkmen halkynyň häzirki taryhynyň ägirt uly üstünlikleriniň nyşany bolan ajaýyp ýadygärlik toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Milli goşunyň edermen esgerleri - türkmen halkynyň batyrgaý ata-babalarynyň şöhratly däpleriniň mynasyp mirasdüşerleri Hormat garawulynda hatara düzüldi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Dabara milletiň Lideriniň ajaýyp  ýadygärlige  gül dessesini goýmagy bilen başlandy.

Döwlet Baştutanynyň yzyndan Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we dabara gatnaşýanlar tarapyndan güller goýulýar.

Dabaranyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýurduň ähli sebitlerinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň