Türkmenistan GDA-nyň çözgütleriniň birnäçesine gol çeker

23:4110.12.2020
0
10967

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň:

- 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy hakynda Çözgüdine;
- Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda Çözgüdine;
- Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda Çözgüdine;
- Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly –Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgüdine Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň