Türkmenistan Täze ýyl baýramyny ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça bellenen çäklendiriji çäreleriň şertlerinde belläp geçer.
Täze ýyl gijesindäki baýramçylyk dabarasy 31-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň, 50 adamdan ybarat medeniýet we sungat işgärleriniň toparynyň gatnaşmagynda 23:00-dan 24:00-a çenli aralykda geçiriler. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaşuly nesliň wekilleriniň Täze ýyl gutlaglary teleköpri arkaly ýaýlyma berler. Baýramçylyk howpsuz aralygy berk berjaý etmek bilen geçiriler.
Mundan başga-da, sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, 31-nji dekabr agşamsy "Ylham" seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada meýilleşdirilen Täze ýyl dabaralary, şeýle hem Aşgabatda we welaýat merkezlerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri ýatyrylýar.