Soňky habarlar

Arhiw

Suga Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi

10:3905.12.2020
0
1406

Ýaponiýanyň premýer-ministri Suga Ýosihide öz ýurdunyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «COVID-19» ýokanç keseline garşy göreş üçin meýilleşdiren «Gözden geçirmeklik we özgertmeklik» işinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «COVID-19»  sammitine wideo ýüzlenme bilen gatnaşan Ýaponiýanyň premýer-ministri Sugo Ýosihide  epidemiýa garşy göreşde halkara jemgyýetçiliginiň agzybir bolmalydygyny aýtdy.

«Bu göreşi bölünmedik bir bitewi dünýäde durmuşa geçirmelidiris.» – diýip bellän Suga ýokanç keseliň ilkinji ýaýramagynda tankyt bilen ýüzbe-ýüz bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna: «Ýaponiýa diňe bir bu krizisi ýeňip geçmeklik bilen çäklenmän, eýsem geljekdäki krizislere has gowy taýýarlyk görmeklik üçin, «Gözden geçirmeklik we özgertmeklik» işinde hyzmatdaşlyga taýyndyr.» – diýip ýüzlendi.

Suga, öz ýurduna täsir edip biljek «COVID-19» tolkunlaryna garamazdan, yza süýşürilen Tokio Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmeklik kararyna gelendigini-de aýtdy. Bu sport ýaryşynyň adamzadyň «COVID-19» ýokanç keselini ýeňmeginiň subutnamasy boljakdygyny mälim eden Suga: «Tokio Olimpiýa oýunlaryny howpsuz guramaklyk üçin ähli ýollary synap göreris.» – diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň