Top.Mail.Ru

Owganystanda türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy

23:4304.12.2020
0
7621

Anna güni, 4-nji dekabrda Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidiň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň baş müftüsi Ý. Hojagulyýewiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli wekiliýet gatnaşdy we onuň düzümine Türkmenistanyň OYR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H. Öwezow, Türkmenistanyň OYR-nyň Mazari-Şerip şäherindäki Konsuly B. Käbäýew, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynyň baş ymamlary hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdi.

Metjidiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylmagynda aýratyn mazmun bardyr. Türkmenistan BMG-niň degişli kararnamalary bilen ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen tutuş sebitde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi ugrunda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär.

Türkmenistan goňşy ýurduň durnukly ösüşine uly ähmiýet berýär we onuň ösüşiň parahatçylykly akymyna integrirlenmegi babatynda doganlyk raýdaşlygyny we netijeli goldawlaryny berýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygyna Owganystanyň “Ghazanfar Construсtion, Roada Work Rail Wai Construсion Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidi gurmak hakyndaky şertnamany baglaşmak tabşyryldy.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda bolan telefon gepleşikleriniň dowamynda türkmen we owgan halklaryny gadymy doganlyk däpleriniň, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň, umumy ruhy hem-de taryhy gymmatllyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde guran metjidiniň açylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

“Goý, täze metjitde okalan aýat-töwirler we berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezident aýtdy.

Şeýlelikde, bu waka Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen ähmiýetli hem-de zerur başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de üýtgewsiz taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň