Soňky habarlar

Arhiw

Alty ýyldan Marsa barlar

17:5902.12.2020
0
714
Alty ýyldan Marsa barlar

“SpaceX” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ýene-de alty ýyldan adamyň Gyzyl planeta aýak basjakdygyny mälim etdi. Mars bilen bagly taslamalary işläp taýýarlaýan we geljekde Marsa gidiljekdigini aýtmagy bilen tanalýan işewür ýene-de iki ýyldan Marsa adamsyz gäminiň iberiljekdigini aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Crew Dragon” atly kapsulasy golaýda dört sany astronawty Halkara kosmos  bekedine çykarypdy. Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek astronawtlar hususy kompaniýa tarapyndan kosmosa çykaryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň