2020-nji ýylyň 5-nji we 21-nji dekabrynda Aşgabatda Adalat ministrliginiň binasynda Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň wekileriniň gatnaşmagynda raýatlary hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.
"Türkmenistan" gazetinde habar berlişine görä, kabul edişlik Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda sagat 9: 00-dan 12: 00-a çenli geçiriler.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-19-20; 39-19-21.