Aşgabatda kompozitor Rejep Rejebowyň eserleriniň konserti bolar

10:2720.11.2020
0
12672

28-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler.

Konsertde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri kompozitor Rejep Rejebowyň eserlerini ýerine ýetirer.

Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garyagdyýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa, şeýle-de Didar Ýomudow, Mähri Orazowa dagylar çykyş eder. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet horunyň we TMK-nyň hor toparynyň çykyşlary guralar.

Konsert öýlän sagat 17-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň