Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Şwesiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

11:4219.11.2020
0
3668

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem-de bilelikde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň täze Strategiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Şwesiýanyň ÝHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen Şwesiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Kanunyň hökmürowanlygy, gender deňligi, adam hukuklary, bilim we ylym, şol sanda ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda taraplaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegi bilen bagly meselelere hem garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň