Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Serhet institutyna resminamalar kabul edilip başlandy

12:2017.11.2020
0
20908

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalary kabul edilip başlandy.

Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

— Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;

— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar 25 ýaşy dolýança.

Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

2. Serhet instituty Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary hünär bilimli serkerdeleri taýýarlaýar.

3. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalaryny kabul etmek işleri 2021-nji ýylyň 19-njy martyna çenli geçirilýär.

4. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:

— dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan arzasy. Arzada dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy, ýurduň islendik künjeginde gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;

— şahsy maglumaty we terjimehaly;

— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden güwänama (eger-de işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);

— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da aýrylşan bolsalar, RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;

— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;

— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;

— pasportynyň göçürmesi (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);

— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;

— eger işleýän bolsa, edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;

— umumy orta, başlangyç ýa-da orta hünär bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— 1 sany 9×12 ölçegde, 9 sany 3×4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.

Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip bilerler.

Dalaşgärler nädogry beren maglumatlary we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen milli pasportyny, çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylar harby biledini getirmeli.

5. Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglar 2021-nji ýylyň iýul we awgust aýlarynda kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

6. Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin, ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümlerine ýüz tutmaly.

7. Dalaşgärler Serhet institutyna giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

8. Dalaşgärler giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem-de «Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda» Düzgünnamada görkezilen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy;

tel: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň