Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB-de daşary ýurt walýutasynda baglaşylan geleşikler 9,5 million dollara ýetdi

21:0414.11.2020
0
6464

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçat kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. BAE-den gelen täjirler “Türkmensenagat eksport-import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden karbamid, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietilen we EKO-93 awtobenzinini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň täjirleri daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, jinsi matany, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 million 567 müň dollaryndan gowrak boldy.
Şweýsariýadan gelen telekeçiler bolsa 70 müň ýewro bolan “Tesla model Х” elektrokaryny satyn aldylar.
Şotlandiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan gelen işewürler manat serişdesine jemi bahasy 27 million 42 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Diýarymyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 79 million manatlyga golaý “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem elde dokalan haly hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň