Türkmen kärhanasy “Şatumar” 30 müňden gowrak ýuwujy serişde eksport etdi

18:1014.11.2020
0
4987
Türkmen kärhanasy “Şatumar” 30 müňden gowrak ýuwujy serişde eksport etdi

“Şatumar” kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri 31235 sany/gaplanan/paket ýuwujy serişdäni eksport etdi.

Owganystana 9.400 sany, 21.835 sanysy bolsa Gazagystan Respublikasyna iberildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda berilýän maglumata görä, kompaniýa Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edýär.

“Şatumar” kärhanasy önümçiligine, 2009-njy ýylda gap-gaç ýuwujy serişdeleri öndürmek bilen başlady. Häzirki wagtda önümleriň görnüşi ep-esli giňeldi we häzirki wagtda kärhana 100-den gowrak dürli ýuwujy serişdeleri esasan hem arassalaýjy serişdeleri, şampunlary, suwuk sabyny, mata ýumşadyjylary, suwuk ýuwujy serişdeleri öndürýär.

Kompaniýanyň “Şa”, “Emir”, “Tumar”, “Dana”, “Ýunus”, “Ok bady” ýaly markaly önümlerini ýurduň dükan tekjelerinden tapyp bilersiňiz.

Şeýle hem bu kompaniýa spreý görnüşinde öndürilen antiseptikleri hem öndürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň