Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň “Mynasyp” atelýesi täze aýratyn görnüşli lybaslaryny çykardy

12:1711.11.2020
0
29493

“Türkmenistan: Altyn asyr” Aşgabatdaky Mynasyp atelýesiniň aýratyn egin-eşikler ýygyndysynyň katalogyna agşamlyk we gündelik köýnekleriň, sahna egin-eşikleriniň, milli toý lybaslarynyň goşulandygyndan habar berýär. 

Tikinçilik sehiniň ýolbaşçysy Enejan Garryýewa öz gyzlary Laçyn we Şirin bilen diňe tebigy matalardan peýdalanýarlar. Ýurdumyzda egin-eşikleriň dizaýninde 3D ölçegli bezegi ilkinjileriň hatarynda özleri işläp düzdiler we häzirki wagtda ondan üstünlikli peýdalanýarlar. 

Olar matanyň ýüzüne uly göwrümli nagyşlary geçirmegiň dürli usullaryny – altyn (reňkli) sapakly nagyşlar, akril boýagly ýazgylar, uly ölçegdäki tor nagyşlary (kružewalary) , applikasiýalary (gurnama surat), silikony, ýuka, aňyrsy görnüp duran bezeg matalary, ýaldyraýan gaşlary, Swarowskiý kristallary we ş.m. ulanýarlar. 

Täze egiň-eşik ýygyndysynyň döredilmeginde häzirki zaman matalar, ýagny, - şifon, wual ýüpegi, mahmal, týul, welwet, tafta, parça we atlaz ulanylypdyr. Reňk köpdürliliginde bolsa esasy orun çal, ýaşyl, mele (açyk goňur), melewşe reňklerine berilipdir.

 

El işi bolan parça bilen timarlanan toý temaly modeller, milli gelin lybaslary aýratyn üns berilmegine mynasyp.

 

 

Zynatly agşamlyk köýneklerden we toý lybaslaryndan başga-da egin-eşikler ýygyndysynda özboluşly orna 3D ölçegde bezelen nagyşly keltekçeler we çabytly köýnekler eýedir. 

 

Telekeçi Ejebaý Garryýewa:

- Biz her modeliň üstünde köp wagt işleýäris, käte birnäçe aýlara hem çekýär.  Dizaýni özümiz işläp düzýäris, özümiz tikip, bezeg işlerini geçirýäris. “MYNASYP” atelýesiniň harytlaryna islegi ýokarlandyrmak esasy maksadymyz. Atelýemiziň toý lybaslaryny we agşamlyk köýneklerini indi diňe öz watandaş gözellerimiz däl, eýsem daşary ýurtly aýratyn (eksklýuziw) eşigiň muşdaklary hem sargaýar. Özümiziň Modalar öýümizi açmak, häzirki zaman tikin enjamlaryny almak we önümlerimizi yzygiderli döretmek – biziň esasy meýillerimiziň biri.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň