Soňky habarlar

Arhiw

30 nahal oturdan Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky bag ekmek çäresine badalga berdi

23:3407.11.2020
0
12275

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi ― diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Döwlet Baştutany Nowruz ýaýlasyndaky bag ekilşik çäresine Hanbeg atly ajaýyp ahalteke bedewine atlanyp geldi.

Çäräniň geçirilýän ýerine gelen döwlet Baştutany türkmen arçasyny ekip, sogap işe, bagy-bossanlyga büremek işleriniň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk şöhratly senesine beslenýän şu ýylda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekiler.

Çäräniň barşynda milletiň Lideri bag nahallarynyň 30-syny oturtdy. Munuň özi ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändiginiň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine çärä gatnaşyjylaryň ählisi eýerdi. Soňra bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň